Ylahy Sözleri Ýetirmek (#12006)

Päk we Mukaddes Sen Eý meniň Taňrym.
    Ýa Ylahym! Hikmet nuruny röwşen eden Seniň Adyňa kasam! Haçan-da Beýan çarhlary halkyň arasynda herekete başlanda, meni Öz Jomartlygyň bilen kabul edersiň diýip hem-de Seniň kömegiň bilen meni Öz bendeleriň içinde Seniň adyňy ýaýratmaga karar berersiň diýip Saňa ýalbarýaryn.
    Ýa Reb! Senden özgelerden üzňe bolup, Saňa sygynýaryn we Seniň Rähmet donuň eteginden ýapyşýaryn. Onda meni şeýle bir dillendir ki, zehinler sözüme maýyl bolup, ruhlar kelamynda perwaz etsinler. Onsoň maňa Öz Emriňde şeýle bir kuwwat ber ki, halkyň içindäki zalymlaryň güýji we bu ýurtda ýaşaýan müňkürleriň gudraty, maňa böwet bolup bilmesinler. Kalbynda tanyklyk nury bar we güýçli söýgüsi bar ynsanlara ýol salgy berip biler ýaly, meni Öz Diýaryň röwşen çyrasy eýle.  Dogrudanam islänini başarýan Sensiň hem bu ýaradylan älemiň ygtyýary Seniň eliňdedir. Senden başga Eziz we Hekim bolan Alla ýokdur.

-Bahá'u'lláh
-----------------------

Ylahy Sözleri Ýetirmek (#12008)

Hu’Alla.
    Eý Perwerdigär! Meni oýar, meni hüşgär eýle. Meni Özüňden özgeden bizar eýle. Meni Öz Jemalyň yşkyna giriftar eýle. Mukaddes ruhuň demini ber, Äbha Melekutynyň aýdymyn eşitdir. Rahmany kuwwat ber we çüýşe ýüregimde Ylahy çyraňy otla. Seniň razylygyňdan başga zady islemez yaly, Seniň roýuňdan gaýry agtarmaz ýaly we Seniň ýoluňdan özge ýoly aşmaz ýaly, meni her bir bentden azat eýle, her bir baglanşykdan halas et. Goý men gapyl ynsanlary hüşgär edip, ýatanlary oýaraýyn. Teşnelere dirilik suwundan içirip, bimarlara Ylahy em bereýin. Men pahyr bolsamda, zelil bolsamda, garyp bolsamda arkadagym, penahym Sensiň. Ýarym, Ýaranym Sensiň. Sen maňa şeýle bir goldaw ber welin iller oňa haýran galsyn. Sensiň Gudratly we Başarjaň, Bagyşlaýjy, Jomart we Görüji.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Ylahy Sözleri Ýetirmek (#12009)

Hu’Alla.
    Ýa Reb, Ýa Reb! Biz ejizdiris, Sen Güýçli hem Başarjaňsyň. Biz zelildiris, Sen Eziz hem Jelilsiň. Biz garypdyrys, Sen Gurply hem Kerimsiň. Seniň Mukaddes dergähiň işiginde gulluk etmegimize razy bol. Seniň Zikirler Maşrygyňda ybadat etmäge, bize ýol aç. Seniň Mukaddes yslaryňy Seniň halklaryň içinde ýaýratmagy bize ýazgyt et. Ähli adamlary Seniň Ismi-Agzamyňa tarap hedaýat etmek üçin we hemme milletleri Seniň ýalňyzlyk deňziň kenaryna eltmek üçin, billerimizi diňe Seniň hyzmatyňa berk guşar ýaly eýle.
    Barhudaýa! Bizi bu dünýe baglanşykdan, geçen günälerden we geljek belalardan halas eýle. Goý biz Seniň Kelamyňy göterýändigimize begenip we guwanyp aýaga galaly hem gije-gündiziň ähli pursatlarynda seni ýatlap ýöreli. Bar älemi takwalyga çagyraly, gerçeklige buýraly hem Seniň birlik we ýeke-täklik Aýatlaryňy iliň içinde okaly. Dogrudanam islänini başarýan Sensiň. Senden başga Eziz we Kadyr bolan Alla ýokdur.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Ylahy Sözleri Ýetirmek (#12007)

Hu’Alla.
    Eý meniň Taýsyz Taňrym! Eý Melekutyň Allahy! Bu ynsanlar Seniň asmanly goşunyňdyr. Her biri, bir leşger bolup, Alla yşky bilen hem Ylahy taglymatyň ýalkymy bilen, ülkeleri ýeňip biler ýaly olara ýardam et, olara Arşyň Mukaddes goşuny bilen kömek et.
    Barhudaýa! Melekuty kuwwat bilen hem Päk ruhlaryň ylhamy bilen perýat edip biler ýaly, olara hemaýat eýle. Çöldedir dagda, derededir tokaýda, deňizlerde, sähralarda sen olara hemra bol. Sensiň Gudratly, Eziz we Başarjaň. Sensiň Dana, Eşdiji we Görüji.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

